HALK HAKYDASYNDA GALAN GERÇEKLER
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Halk hakydasynda galan gerçekler» atly sergi, söhbetdeşlik geçirildi.
Şu günki günde Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanýar. Ildeşlerimiziň müňlerçesi Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, harby borja wepalylygyň, eziz topragymyza çäksiz söýginiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Hakyda halkyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Ol nesilleriň arasyndaky arabaglanyşyk bolup, durmuşy aýratyn, çuň many-mazmuna eýleýär, geçmişe nazar aýlap, geljege ynamly garamaga mümkinçilik berýär. Geçmiş taryhyny bilýän hem-de oňa hormat goýýan jemgyýetde ruhubelentlik höküm sürýär. Ol milletiň watansöýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini birleşdirmäge, durmuşa geçirmäge ýardam edýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watançylyk urşunda wepat bolanlary, öten geçenlerimizi ýatlaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.