ARKADAG ŞÄHERI-GELJEGIŇ ŞÄHERI
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Arkadag şäheri-geljegiň şäheri» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň her bir güni taryhy wakalara şanly senelere beslenýär. Ine ýaňy ýakynda hem Koreýa Respublikasynda guralan halkara sergide bolsa Arkadag şäheri 3 sany baýraga mynasyp boldy. Iň tapawutlanan «Akylly» şäher hökmünde Arkadag şäherine baş baýragyň gowşurylmagy aýratyn buýsandyryjy wakadyr. Ýene-de buýsançly wakalaryň biri hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda «Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» permana gol çekmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Mejlisinde Milli Liderimiziň okap beren, «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly täze goşgusy halkymyz üçin ajaýyp serpaý boldy. Bu ajaýyp wakalar bolsa türkmen halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň abraýyny, halkara derejede has-da belende göterýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.