MAGTYMGULY PYRAGY-BEÝIK SÖZ USSADY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy beýik söz ussady» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwleti, agzybir halky arzuw eden akyldar şahyra türkmen halkynyň buýsanjynyň uludygy, şahyryň şygyrlary, halkyň kalbynyň owazy bolup durýanlygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Magtymguly atamyzyň taglymaty ili agzybirlige, jebislige, bir döwlete gulluk etmäge, mertlige, batyrlyga, hallallyga çagyrandygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.