ZEHINLI ÇAGALARYŇ BÄSLEŞIGI
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Ýaşlyk» teleýaýlymy hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy, paýtagtymyzdaky 3-nji kitap dükany, Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde «Zehinli çagalar» ady bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda türkmen dili, edebiýat dersleri şeýle-de türkmen halk ertekileri esasynda düzülen dürli şertler boýunça toparlar özara ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Bäsleşigiň ahyrynda çagalaryň gelejegi hakynda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.