HATYRA GÜNI-HAKYDA GÜN
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň «Medeni-köpçülik işleri» bölümi tarapyndan Hatyra günine bagyşlap «Hatyra güni–hakyda güni» atly kitap sergisi gurnaldy.
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra güni bellenilýär. 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hatyralanýar.
Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlik bilen birlikde, şeýle jebislik ähli kynçylyklary, ýitgileriň yzasyny ýeňip geçmäge hemişe kömek edipdir. Türkmen halkynyň taryhynda şeýle wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Mähriban topragymyzda çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüňe bolan ynamyň, durmuşy söýmegiň netijesinde türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr.
Taryhymyzda öçmejek yz goýan şahsyýetlerimizi ýatlamaga, hormatlamaga, olaryň Watan üçin, halkymyz üçin bitiren beýik işlerini ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!