ŞYGYRLARYŇ NESIHATDYR PYRAGY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 17-nji orta mekdebinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Şygyrlaryň nesihatdyr Pyragy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň umman ýaly edebi mirasy bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Dana şahyryň ahlak, terbiýe, ynsanperwerlik, adamkärçilik hakyndaky şygyrlary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem uly ähmiýete eýedigi barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.