HALK HAKYDASY BAKYDYR
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda Hatyra güni mynasybetli «Halk hakydasy bakydyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda Watan gerçekleriniň gahrymançylyklaryna uly hormat goýulýandygy, olaryň edermenligi çuňňur sarpalanýandygy barada gürrüň berdiler. Bagtyýar halkymyz özleriniň bu günki ajaýyp durmuşy üçin Watan ogullarynyň hatyrasyny belent tutýandygyny, hormat bilen sarpalaýandygyny, olaryň hormatyna gözel paýtagtymyzda bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine tagzym edip, gerçekleriň synmaz ruhuna sarpasyny bildirýändigi barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň halkara derejesini täze mertebä göteren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.