HALK HAKYDASY MUKADDESLIKDIR
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda Hatyra güni mynasybetli «Halk hakydasy mukaddeslikdir» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrda Hatyra gününde ähli halkymyz özüniň döwletlilik ýörelgesine, beýik pederlerimiziň «Ölüsini sylan beg bolar» diýen parasatyna eýerip, agzybirlikde eziz Watanymyzyň azatlygy, mähriban halkymyzyň erkanalygy ugrunda şehit bolan watandaşlarymyzy, elhenç ýer titremede wepat bolan ildeşlerimizi hatyralanýandygy barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.