HALK HAKYDASY EBEDIDIR
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Mekezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda «Halk hakydasy ebedidir» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň döwründe peder ýolunyň dowamata atarylýan ajaýyp zamanasynda, Mert pederleriň ruhuny kalbynda göterýän halkymyzyň geçmiş taryhyna bolan sarpasynyň has hem beýikligi barada gürrüň berdiler. Hormatly Prezidentimiziň «Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir» diýen jaýdar sözleri täze taryhy eýýamda Watana, halka ak ýürekden hyzmat eden milli gahrymanlarymyza, ruhy pederlerimize sarpasynyň çäksizdigi barada belläp geçdiler..
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.