HALK HAKYDASY-EBEDI HATYRA
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Halk hakydasy-ebedi hatyra» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy bilen türkmeniň geçmiş taryhynda öçmejek yz galdyrap giden şahsyýetlerimizi hatyralamagyň, hormatlamagyň halkymyzyň asyrma-asyr aşyp gelýän däp-dessurlarynyň esasy özenidigi barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda taryhymyzda öçmejek yz goýan şahsyýetlerimizi ýatlamaga, hormatlamaga, sylamaga, olaryň Watan üçin, halkymyz üçin bitiren beýik işlerini ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.