TÜRKMEN NUSGAWY ÝAZYJY-ŞAHYRLARYMYZ


TÜRKMEN NUSGAWY ÝAZYJY-ŞAHYRLARYMYZ

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän 76-njy orta mekdepde ýaş nesillerimize nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligi hakynda tanyşdyrmak maksady bilen «Türkmen nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyz» atly söhbetdeşlikli duşuşygyny geçirdi.

Kitaphana hünärmeni Mollanepesiň, Annagylyç Mätäjiniň, Nurmuhammet Andalybyň we Mämmetweli Keminäniň bize miras goýan gymmatly eserleriniň many-mazmun baýlygy hakynda täsirli söhbet etdi we şeýle ýazyjy-şahyrlarymyzyň häzirki ajaýyp döwrümizde sarpasynyň belent tutulýanlygy hakynda hem buýsançly gürrüňler berdi. Söhbetdeşligimize işjeň gatnaşan okuwçylar hem öz gezeginde nusgawy edebiýatlarymyzdan bölekleri, çeper okaýyşlary ýatdan labyzly ýerine ýetirip duşuşygymyzyň has-da täsirli bolmagyna ýardam berdiler.

Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzyň baý mirasyny ýaş nesillerimiziň aňynda, kalbynda ornaşdyrmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.