HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ ŞANLY MENZILLERI» ATLY KITABY BARADA
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna ýaňy-ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» ady bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda alyp baran işleriniň senenamasy atly kitabynyň 1-nji tomy gelip gowuşdy. Bu kitap aýratynlykda türkmen, rus, iňlis dillerinde çap edilen. Bu ajaýyp kitapda ýerleşdirilen maglumatlar Türkmenistanyň häzirki zaman ideologiýasynyň baý many-mazmunyny açýar, «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlar astynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň syýasatyna laýyklykda, raýatlaryň hal-ýagdaýyny hem-de durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri görkezýär.
Bu ajaýyp kitap mähriban Watanymyzyň iň täze taryhy bilen gyzyklanýan okyjylarymyz üçin gymmatly çeşme bolup durýar.