MAGTYMGULY. DÜNÝÄ. ÝAŞAÝYŞ
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda täze gelen neşirleriň biri şahyr Süleýman Ilamanowyň «Magtymguly. Dünýä. Ýaşaýyş» atly goşgular ýygyndysyna kitaphana syny geçirildi.
Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligini, pelsepeli garaýyşlaryny, beýik söz ussadyna goýulýan çäksiz hormat-sarpany beýan edýän bu goşgular ýygyndysy şahyr Süleýman Ilamanowyň agras hem-de şahyrana oýlanmalaryny öz içine alýar. Kitaby okan okyjylaryň kalbyňy özgerdýän, ruhuňy täzeleýän şygyrlar bilen ýüzbe-ýüz bolup, hemişe ýagşylyga, haýyr-sogaba, ahlak-päkligine, parasatlylyga has hem höweslenjekdiklerine ynanýarys.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar onuň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.