ŞYGYR ÄLEMINDE ÖÇMEZ ÇYRAGYŇ!


ŞYGYR ÄLEMINDE ÖÇMEZ ÇYRAGYŇ!

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Şygyr äleminde öçmez çyragyň!» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmeniň ruhy äleminde öçmejek yz goýan beýik akyldar, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkyň ruhunyň kuwwatly sütünidir. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde adamyň özüni alyp barşynyň, gylyk-häsiýetiniň, dünýägaraýşynyň, ygrarlylygynyň, medeniýetliliginiň, ahlaklylygynyň esaslary giňden açylyp görkezilýär. Akyldar şahyryň kalplara kuwwat berýän, adamzady ynsanperwerlige, hoşniýetlilige, ahlak arassalygyna, ruhubelentlige, agzybirlige çagyrýan akyl-parasada ýugrulan dürdäne setirleri, türkmen halkynyň egsilmez ruhy gymmatlygydyr, tükeniksiz hazynasydyr. Akyldar şahyryň many-mazmuna baý, watansöýüjilige ýugrulan şygyrlary adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi, ýaş nesillere görelde, mekdebi bolup hyzmat edýär. Pyragynyň döredijilik mirasynyň nesillerimizi, mynasyp terbiýelemekde uly ähmiýeti bardygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.