IL SAGLYGY–ÝURT BAÝLYGY


IL SAGLYGY–ÝURT BAÝLYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana çahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Il saglygy–ýurt baýlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak esasy wezipeleriň biri bolup durýandygy, berk bedenli sagdyn nesilleriň kemala gelmegi ugrunda bimöçber aladalar edilýänligi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ynsan saglygy bahasyna ýetip bolmaýan baýlyk bolup, bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmekligiň zerurdygyny belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabynda ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler, olaryň ähmiýeti, ulanylyşy, aýratynlyklary barada okyjylarymyz bilen sorag-jogap alşyldy.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.