SAGLYGYM BAŞ BAÝLYGYM
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygym baş baýlygym» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler halkyň saglygy hakyndaky alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygy, Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlary boýunça uly üstünlikleriň gazanylandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň saglygyny dikeltmekde Watanymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleriniň, gurulyp ulanylmaga berilýändigi, alym Arkadagymyzyň lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça ýazan kitaplarynyň uly orun tutýandygy, esasan hem halkymyzyň saglygyny dikeltmekde türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň ähmiýetiniň örän ulydygy barada bellediler.
Gürrüňdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jitli ylmy ensiklopedik kitaby giň okyjylar köpçüligi üçin hem usuly gollanma bolup durýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.