KITAPHANA SYNY


KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler şahyr Süleýman Ilamanowyň Döwlet kitaphanasyna sowgat beren Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly. Dünýä. Ýaşaýyş» atly kitaby bilen tanyş boldular. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligini, pelsepeli garaýyşlaryny, beýik söz ussadyna goýulýan çäksiz hormat-sarpany beýan edýän bu goşgular ýygyndysy şahyr Süleýman Ilamanowyň agras hem-de şahyrana oýlanmalaryny öz içine alýar. Kitaby okan okyjylaryň kalbyňy özgerdýän, ruhuňy täzeleýän şygyrlar bilen ýüzbe-ýüz bolup, hemişe ýagşylyga, haýyr-sogaba, ahlak-päkligine, parasatlylyga has hem höweslenjekdiklerini uly buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle hem kitaphana synynyň dowamynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2024-nji ýylda çap edilen türkmen halkynyň görnükli şahyrlary Kerim Gurbannepesowyň «Goşgular», Berdinazar Hudaýnazarowyň «Saýlanan goşgular», Gurbannazar Ezizowyň «Goşgular» atly kitaplarynyň ikinji neşiri bilen tanyş etdiler. Halk köpçüligine hödürlenýän çeper eserleriň sanynyň ýylsaýyn artmagy hormatly Prezidentimiziň köpugurly, il-ýurt, halkara bähbitli tutumly işlerinde jemgyýet kämilligini ýokarlandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biridir diýip giňişleýin durup geçdiler. Kitaphana synyna gatnaşyjylar çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.