BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ ŞANLY MENZILLERI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly ajaýyp kitabyna 1-nji tomuna kitaphana syny geçirildi. Bu kitap Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan taýýarlanylyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.
Publisistik häsiýetli dowamly neşir edilýän kitabyň 1-nji tomunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp baran işlerini beýan edýän ylmy we maglumat materiallary çap edildi. Kitapda «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygar astynda geçen 2022-nji ýylda Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçen wakalara toplumlaýyn syn berilýär. Bu ýyl ýurdumyzyň ýyl ýazgylaryna täze taryhy eýýamyň başlangyjy hökmünde altyn harplar bilen ýazyldy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyz ösüşiniň täze tapgyryny kesgitledi. Neşir ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň depginlerini beýan etmek bilen, möhüm ylmy-resminama we maglumat aň-bilim çeşmesi bolup durýar. Bu neşir ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mugallymlary, alymlar, jemgyýetçilik-syýasy işgärler, şeýle hem mähriban Watanymyzyň iň täze taryhy bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligi üçin gymmatly çeşme bolup durýar.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar onuň ahyrynda türkmen halkyny ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.