SAGLYK ADAMYŇ BAŞYNDAKY TÄJIDIR


SAGLYK ADAMYŇ BAŞYNDAKY TÄJIDIR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda 13-nji saglyk öýünde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglyk adamyň başyndaky täjidir» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda saglyk ulgamynda hem uly işleriň alnyp barylýandygy, Türkmenistan döwletimizde adamlaryň saglygy hakyndaky aladanyň döwlet derejesindäki aladalaryň biri bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak we pugtalandyrmak üçin dürli şertleriň döredilendigi, eziz Diýarymyzda döwrebap şypahanalaryň, sagaldyş merkezleriniň, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilendigini buýsanç bilen bellediler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda adam saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.