YNSAN SAGLYGY-DÜNÝÄNIŇ BAR GYMMATY


YNSAN SAGLYGY-DÜNÝÄNIŇ BAR GYMMATY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 16-njy saglyk öýünde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Ynsan saglygy-dünýäniň bar gymmaty» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň saglygy ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine dünýä ülňülerine laýyk gelýän halkara saglyk merkezleri diňe bir paýtagtymyzda däl-de, eýsem ähli welaýatlarda saglyk öýleriniň we hassahanalaryň açylyp ulanylmaga berilendigi barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň ruhuny galkyndyryň, döredijilikli zähmete ruhlandyrýan, raýatlarymyzyň sagdyn, ruhubelent, abadan durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.