TÜRKMEN-GAZAK GATNAŞYKLARY-DOST-DOGANLYGYŇ AÝDYŇ NYŞANY
Paýtagtymyzda gazak halkynyň beýik şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy
10-njy oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Uçaryň öňünde dostlukly döwletiň Baştutanyna milli lybasly çagalar duz-çörek hödür edýärler hem-de gül desselerini gowşurýarlar.
Howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler. Soňra bu ýerde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp we ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini, ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir. Toparyň mejlisleri yzygiderli ýagdaýda geçirilýär.
«Türkmenistan» gazeti