TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ MONGOLIÝANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ MONGOLIÝANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň Baştutanynyň Türkmenistana amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmagynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary medeni-ynsanperwer ugurda has-da ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Mongoliýanyň Prezidenti häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň açyklyga, birek-birege hormat goýmaga we düşünişmäge esaslanýandygyny aýdyp, bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Mongoliýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryna awtordaş bolup çykyş etmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

«Türkmenistan» gazeti