TÜRKMEN–AWSTRIÝA BILELIKDÄKI DOST-DOGANLYK KONSERTI GEÇIRILDI


TÜRKMEN–AWSTRIÝA BILELIKDÄKI DOST-DOGANLYK KONSERTI GEÇIRILDI

11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmen-Awstriýa bilelikdäki «Galkynyş» orkestriniň konserti geçirildi.

Bilşimiz ýaly, Türkmen-Awstriýa bilelikdäki «Galkynyş» orkestri eýýäm birnäçe ýyl bäri dabaraly konsertleri geçirmek bilen, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edip gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde geçirlen bu şowhunly konsertde, Türkmenistanyň Döwlet hory, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ mugallymlary we Türkmen-Awstriýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky «Galkynyş» orkestriniň sazandarlyk etmeginde, Türkmenistanyň Döwlet hory bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Budur Türkmen binasy» atly ajaýyp aýdym ýerine ýetirildi. Mundan başga-da konsertiň dowamynda «Galkynyş» orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan, Türkmen kompozitorlary, Aman Agajykowyň, Nury Halmämmedowyň, Hydyr Allanurowyň, Çary Nurymowyň, Rejep Rejepowyň meşhur eserleri hem-de Serdar Baýramowyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Bu gün» atly Türkmen halk aýdymy dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Soňra dabara doganlyk Awstriýa Respublikasyndan gelen aýdymçylar Amelie Hoisyň, Hwapyeong Gwonyň, Konstantin Ritteliň hem-de tansçylar Dimitar Stefaniniň we Grasser Irinanyň çykyşlary bilen dowam etdi. Aýdymçylar meşhur operalardan ariýalary we başga-da dürli owadan aýdymdyr–milli tanslary ýerine ýetirip, tomaşa etmäge gelen myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdylar.

Konsertiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewa hem-de Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýew akyldar şahyr Magtymguly atamyzyň goşgusyna döredilen aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler we tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalara mynasyp boldular. Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» goşgyna döredilen aýdymy ýaş aýdymçy Döwran Şammyýewiň iňlis dilinde ýerine ýetirmegi hem-de «Magtymguly» kinofilminden sazlaryň ýaňlanmagy bolsa dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Dabaranyň ahyrynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Begenç Moşşyýewiň, Röwşen Baýramowyň we Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet hory, Türkmen-Awstriýa bilelikdäki «Galkynyş» orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Türkmenistan dost-doganlyk mekany» atly aýdymy parahatçylygyň owazy bolup ýaňlandy.

Bu dost-doganlyk konserti iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösmegi ugrundaky möhüm waka bolup, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam etdi.



Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby