NUSGAWY ŞAHYRYŇ EDEBI MEKDEBI


NUSGAWY ŞAHYRYŇ EDEBI MEKDEBI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Nusgawy şahyryň edebi mekdebi» atly tegelek söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlik türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan elýetmez ylham, ruhy güýç alýar» diýen çuňňur manyly jümlesinden ruhlanylyp geçirildi.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar Türkmenistanda Bilim syýasatynyň amala aşyrylyşy, mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlaryň bilim almaklary üçin diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde üstümizdäki ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilip geçilýän döwürde, şahyryň watançylyk, agzybirlik, dostluk, gahrymançylyk hakyndaky goşgularynyň edebi-çeperçilik taýdan kämillige eýe bolup, türkmen halkynyň kalbynda mydamalyk orun aldy. Şahyryň goşgulary ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmedigi barada gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Magtymguly Pyragynyň Berkarar döwlet baradaky arzuwyny hasyl edip, halkymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaşadýan, söz ussadynyň sarpasyny has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, edýän sahawatly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.