USSAT ÝAZYJY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda ýazyjy Täşli Gurbanowyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli «Ussat ýazyjy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, ýurdumyzda türkmen edebiýatynda uly yz galdyran birnäçe alymlaryň, ýazyjylaryň döredijiligine uly üns berilýär, olara hormatly atlar dakylýar, sylaglar berilýär. Özüniň ajaýyp eserleri bilen giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan ýazyjymyz Täşli Gurbanowyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli geçirilen gürrüňdeşlikde, ýazyjynyň çagalykdan edebiýat älemine aralaşmagyna Arap Gurbanowyň, Baýram Gurbanowyň uly kömeginiň bolandygyny, onuň «Torgaý», «Powestler we hekaýalar», «Uzak ýyllar», «Dagda dikilen baýdak», «Sary gül», «Armanym» ýaly kitaplarynda ýerleşdirilen powestdir, hekaýalar barada gürrüň edildi. Bu eserlerde beýan edilýän oba adamlarynyň ýaşaýyş durmuşy, olaryň ak ýürekli goňşular bilen agzybir gatnaşyklary, birek-birege bolan sylag-hormaty, päk söýginiň sarpasy baradaky şeýle hem ýazyjy Täşli Gurbanow diňe bir çeper edebiýata üns bermän onuň türkmeniň milli senedi bolan dutara goýýan hormat goýandygyny onuň, «Mukamlar başy» atly goşgular ýygyndysyny ussat sazanda Mylly Täçmyradowa bagyşlap ýazandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda ýazyjy şahyrlarymyzyň sapasyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.