ÝÜREKLERDE BAKY ÝAŞAR PYRAGY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Mekezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebinde «Ýüreklerde baky ýaşar Pyragy» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde akyldar şahyrymyzyň külli türkmeniň ruhy daýanjy bolup gelýän şygyrlary islendik halkyň wekiliniň kalbyny gülzarlyga besleýändigi, onuň edebi mirasynyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň bütin dünýäde ykrar edilýändigini belläp geçdiler. Şeýle-de dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy agzybirligi, ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny, onuň döredijiliginiň ýaş nesli terbiýelemekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda täsiriniň örän uludygy barada gürrüň berildi.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda dünýä edebiýatynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.