NUSGAWY ŞAHYRYŇ DÖREDIJILIGINDE AGZYBIRLIK ÝÖRELGESINIŇ ŞÖHLELENDIRILIŞI


NUSGAWY ŞAHYRYŇ DÖREDIJILIGINDE AGZYBIRLIK ÝÖRELGESINIŇ ŞÖHLELENDIRILIŞI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň guramagynda «Nusgawy şahyryň döredijiliginde agzybirlik ýörelgesiniň şöhlelendirilişi» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Magtymguly Pyragy pähim-parasada eýlenen şygyrlarynda adamzadyň birek-birek bilen agzybir ýaşamagy, adalatlylyk, ynsanperwerlik, ruhy päklik, sabyrlylyk, hoşniýetlilik ýaly ajaýyp pikirleri öňe sürýär. Magtymguly Pyragy mertligi, batyrlygy, watançylygy, söýgini wasp eden hyjuwly şahyr, başarjaň terbiýeçi, wagyz-nesihatçy hökmünde ýaş nesliň kalbynda uly orun aldy. Munuň özi beýik nusgawy şahyrymyzyň türkmen halkynyň medeniýetiniň, terbiýeçilik mekdebiniň kemala gelmeginde bitiren hyzmatlarynyň örän uludygyny görkezýär. Şonuň üçin hem şahyryň halkymyza mahsus belent häsiýetleri, ýokary adamkärçilik sypatlary, wasp edýän döredijiligi türkmen halkymyzyň genji-hazynasy bolup durýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.