TÜRKMEN-MONGOL DOSTLUGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde ony dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýar. Diýarymyzda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar. Esasan hem halkara dost-doganlyk gatnaşyklary has-da ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzda birnäçe maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ine, şonuň bilen bagly hem ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmen-Mongol dost-doganlyk konserti geçirildi. Konserde diňe bir ýurdumyzyň sungat ussatlary däl-de eýsem Mongoliýanyň at gazanan artistleri hem gatnaşdylar.
Dost-doganlyk konserti Mongoliýanyň at gazanan artisti D.Tuwşinsaýhanyň dirižýorlyk etmeginde, Mongoliýanyň «Morinhoor» döwlet filarmoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde N.Jansannarowyň «Mongol heňi», «Altaý alkyşy» atly ajaýyp eserleri bilen açyldy. Konsert Mongoliýanyň uly milli sungatlar teatrynyň tansçylarynyň ýerine ýetirmeginde Mongoliýanyň at gazanan artistleri B.Baýarbaataranyň, B.Norowsambuunyň goýan «Dabaraly tans», «Žoroon žoroo», «Şemal guşy laçyn», «Asuda watan», arfaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde täzeden işlenen halk aýdymlary «Goolingoo täsin söýgi», Mongoliýanyň at gazanan artisti we aýdymçysy B.Munhbaataryň «Oýunçyl çal at» atly mongol heňi bilen dowam etdi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti O.Igamowyň dirižorlyk etmeginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Gahryman Arkadaga, Arkadagly Gahryman Serdara şöhrat» aýdymy Türkmenistanyň halk artisti S.Orazberdiýewiň, G.Kulyýewiň «Türkmen temalaryna fantaziýa» Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri O.Güjimowyň, N.Halmämmedowyň «Aýgytly ädim» kinofilmden «Artygyň aýdymy» Türkmenistanyň halk artisti A.Berdiýewiň, türkmen halk aýdymy «Bidert ýarym» Türkmenistanyň halk artisti L.Begnazarowanyň, W.Muhadowyň «Säher aýdymy» Türkmenistanyň halk artisti G.Öwezowanyň ýerine ýetirmegi dabara üýtgeşik bezeg berdi.
Konsertde Mongoliýanyň at gazanan artisti D.Tuwşinsaýhanyň dirižýorlyk etmeginde J.Puççininiň sazyna Mongoliýanyň akademiki opera we balet teatrynyň solisti B.Batžargalyň «Turandot» operasynda «Nessun Dorma», A.Lokgaýewiň sözlerine «Gel Türkmenistanym» Mongoliýanyň akademiki opera we balet teatrynyň solisti B.Enhnaran hem-de Güljemal Taýlyýewanyň «Mongol düzlükleri» Mongoliýanyň akademiki opera we balet teatrynyň solistleri B.Enhnaran we B.Batžargalyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary orkestriniň we Mongoliýa «Morinhoor» döwlet filarmonik orkestriniň bilelikde «Sersen tal», «Çingiz hanyň iki bedewi», «Ýaşlara salam» ýaly ajaýyp eserleri ýerine ýetirilmegi bolsa tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary orkestriniň, Mongoliýa «Morinhoor» döwlet filarmonik orkestriniň şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan artisti O.Igamowyň dirižorlyk etmeginde O.Igamowyň sazyna «Dostluk aýdymy» atly eseri konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmegi bilen jemlendi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bu günki gün dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda, medeniýet hepdeliklerini geçirmekde beýik işler alnyp barylýar. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmeginde belent işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunymyzy aýdýarys.
