TYLLA SARY EGNE GEÝEN LYBASYŇ, SENDE WASP EDERE GÖZELLIK HAS KÄN
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda. Aşgabat şäheriniň «Bagtyýar Nesiller» adyndaky ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebinde «Tylla sary egne geýen lybasyň, sende wasp edere gözellik has kän» atly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Kitaphanamyzyň agzybir hünärmenleri hem bu söhbetdeşlikde «Pähim paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» ýylynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerini beýan etdi. Güýz paslynyň gözel günlerini ýazyjylaryň şahyranalyk bilen ajaýyp wasp edendiklerini belläp geçdi. Şeýle-de türkmen halkynyň elmydama adamzadyň ruhy baýlygy, genji hazynasy bolan kitaplara uly sarpa goýandygyny, gözüniň görejine deňändiklerini beýan etdiler. Çagalaram öz gezeginde çeper okaýyşlary, goşgulary bilen çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesliň bagtyýar hem eşretli durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmegi ugrunda, olaryň ata-babalarymyzyň ajaýyp watançylyk ýol ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.