ŞYGYR ÄLEMINIŇ BEÝIK USSADY, DANA ATAM MAGTYMGULY PYRAGY


ŞYGYR ÄLEMINIŇ BEÝIK USSADY, DANA ATAM MAGTYMGULY PYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Şygyr äleminiň beýik ussady, dana atam Magtymguly Pyragy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösüşi, özgerişi, dowam edýän «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda türkmen edebiýatynyň ösmeginde we dünýä tanalmagynda uly işleriň alnyp barylýandygy, ägirtleriň ägirdi, danalaryň danasy, türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynda-da uly söýgä, hormata mynasyp bolmagy, akyldar şahyryň umman ýaly giň döredijiliginiň öwrenilmegi şeýle hem ajaýyp şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä tanatmakda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.