KÄMILLIGIŇ ÝOLY


KÄMILLIGIŇ ÝOLY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň durmuşyndaky şöhratly wakalary, agzybir halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny döwrebap eserlerde wasp etmekde döredijilik işgärleri joşgunly zähmet çekýärler. Şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz, ýagşy gylyk-häsiýetler ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Şu günler ýurdumyzyň çar künjeklerinde we doganlyk döwletlerimiziň, ençemesinde Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligine we doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly çäreler, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşler, döredijilik bäsleşikleri uly ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýär. Gurnalýan dabaraly çärelerde Magtymguly atamyzyň goşgulary dürli dillerde ýaňlanyp, bize ruhy güýç-kuwwat eçilýär, doganlyk ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy berkitmekde ruhy sütüne öwrülýär. Magtymguly Pyragynyň eserleriniň birnäçe asyr bäri iň gowy türkmen sazandalaryna ylham berýär.

Ynha şeýle çäreleriň biri hem ýakynda geçirilen Moskwanyň N.Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VIII Halkara sungatlaryň festiwalyň çäklerinde ilkinji gezek geçirilen kompozitorlaryň bäsleşigidir. Bu bäsleşik beýik şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen eserleri» ady bilen, dünýäniň dürli künjeklerindäki döwrebap kompozitorlaryň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde alnyp baryldy. Bäsleşigiň jeminde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň mugallymy Kerim Jumagulyýewiň I orun eýelemegi juda buýsandyryjydyr. Kompozitor akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna: «Aýryldym»–tenor, wiolonçel we fortepiano üçin romans-poemasyny we rus dilinde «Uçdum ýaranlar» («Сон», terjime eden G.Şengeli)–messo-soprano, alt hem fortepiano üçin romansyny düzýär. Bäsleşige ugradylan «Aýryldym» goşgusyna eserinde Beýik Akyldara mahsus bolan inçe duýgular, agraslyk, onuň ruhuna mahsus bolan çuňňur many-mazmun sazyň üsti bilen beýan edilýär. Şahyryň lirikasyny, filosofiýasyny öz sazynda görkezmegi başaran Kerim onuň hakyky aslyýetine ýetmegi başarýar.

Festiwaly gurnaýjy, onuň çeperçilik ýolbaşçysy, ýurdumyzda we belli kompozitor Mämmet Guseýnow Kerimiň eserine ýazan synynda: «...Kerim Jumagulyýewiň eserinde men Magtymgulynyň özüni eşidip bildim: ol hudožnik ýaly şahyryň ruhuny duýup, onuň keşbini owaz arkaly beýan etmegi başarypdyr!» –diýip uly baha berýär.

Şu ýerde ýene-de bir bellemeli zatlaryň biri şu bäsleşigiň Nury Halmämmedowyň adyny göterýän we Beýik şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanan Moskwanyň VIII Halkara sungat Festiwalynyň çäklerinde geçirilen «Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen saz eserleri» we illýustrasiýa «Şöhlelenme» atly bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we laureatlarynyň eserleriniň Moskwada neşir edilen «Saz we illýustrasiýa» ýygyndysyna girizilmegi hem begendiriji wakalaryň biridir.

Kerim Jumagulyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda Magtymgulynyň keşbini hakyky, çuňňur çeperlik bilen beýan ediji kompozitor hökmünde öz ýürek buýsanjyny şeýle belleýär:

—«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlarymyzyň toýlanýan günlerinde maňa şu ajaýyp bäsleşige gatnaşyp I orna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri saýasynda, Magtymguly Pyragynyň şygyr ummanyndaky many-mazmuna, akyl-paýhasa ýugrulan goşgularyna saz düzüp, emin agzalaryň gowy bahalaryna mynasyp bolmagym, döwrümiziň, Watanymyzyň ruhuna şatlyk goşmagym meniň üçin juda buýsandyryjydyr. Ömrümiň şeýle begençli pursadynda ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara ýar bolsun!



Oraztäç AMANMYRADOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy