«OWAZLY ÇYNAR» ADY BILEN USSAT BAGŞY ÖDENYÝAZ NOBATOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 95 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SÖHBETDEŞLIK
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen «Owazly çynar» ady bilen ussat bagşy Ödenyýaz Nobatowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda görnükli , ussat bagşynyň sungata bagyşlanan manyly ömri we döredijiligi barada aýratyn nygtaldy. Ussadyň döredijiligine bagyşlap gurnalan sergi hem aýratyn gyzyklanma döretdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşan ussatlarymyzyň döredijiligini ýaşlara giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.