ÄNEW MEDENIÝETI–GYMMATLY MIRAS
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 46-njy orta mekdepde «Änew medeniýet–gymmatly miras» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda halkymyzyň örän baý we köptaraply taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga, milli mirasymyzy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ata-babalarymyzyň müňýyllyklarynyň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary tutuş adamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşýandygy, olaryň şol uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy gymmatlyklary dürli-dürli ýadygärlikleriň biziň günlerimize gelip ýetendigi barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmeniň gadymy taryhyny giňişleýin öwrenmäge, dünýä ýaýmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.