MILLI BUÝSANJYMYZ–TÜRKMEN ALABAÝY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň dürli ugurlardan düýpli bilim almaga, milli gymmatlyklarymyzy wasp edýän çeper eserleri döretmäge giň şertler döredilýär.
Türkmen bedewiniň, türkmen alabaýynyň keşpleri şu günki-gün türkmen şekillendiriş sungatynda ebedilik nusgasyny tapdy. Alabaý itleri gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýar. Türkmen alabaý itiniň keşbi gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde wasp edilýär. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklary hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýärler.
2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy» atly döredijilik sergisi geçirildi. Döredijilik eserlerinde türkmen alabaýlarynyň keşbinde adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasy şöhlelendirilýär. Türkmen alabaýynyň daşky keşbini şöhlelendirýän nakgaşlyk eserleri halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itleri dünýä ýaýyp, türkmen suratkeşliginiň döredijiliginde uly orun tutýandygyny alamatlandyrýar.
Türkmen alabaýlaryň şekili ýaş suratkeşler Baýly Aýnazarowyň «Türkmen alabaýlary», Perman Annagylyjowyň «Çopan alabaýy» we başga-da birnäçe nakgaşlyk eserlerinde türkmen alabaýlaryň halkymyzyň taryhy, etnografiýasy we häzirki zaman durmuşymyz bilen berk baglanyşygy görkezilýär. Zehinli ýaş suratkeşleriň bu sungat eserlerinde inçe nakgaşçylyk tilsimlerini synlap bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň taryhy gelip çykyşyny, şu günki günlere gelip ýetişini we milli aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!