TEATR SUNGATY-DOSTLUGYŇ DILI WE DÖREDIJILIK YLHAMYNYŇ ÇEŞMESI
Paýtagtymyzda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly başlandy
18-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz däp bolan medeni gatnaşyklary berkitmek arkaly halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy goldamak ýaly jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde aýratyn orun eýeleýär. Häzirki wagtda netijeli daşary syýasatyň möhüm bölegi bolan dünýäniň dürli ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen medeni diplomatiýa uly üns berilýär. TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň teatr toparlaryny paýtagtymyzda jemlän II teatr festiwaly medeniýetleri baýlaşdyrmak, ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirilýär. Şunda teatr sungaty watançylyk, gözellik, ahlak terbiýesi ýaly wajyp hyzmaty ýerine ýetirmek bilen, halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de goşant goşýar. Sahna sungatynyň wekilleriniň duşuşygy tejribeleri alyşmagy-da göz öňünde tutup, ol ýaş teatr artistleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygyny we sahna medeniýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
«Türkmenistan» gazeti