DOSTLUGYŇ, RUHY ÝAKYNLYGYŇ WE SAHNA SUNGATYNYŇ BAÝRAMY
Ýurdumyzda TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwaly tamamlandy
20-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly tamamlandy. Bu çäre 2024-nji ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.
Ýurdumyzda türki halklaryň teatr forumynyň geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda medeni diplomatiýany üstünlikli amala aşyrýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Şunuň bilen bir hatarda, forumyň çäklerinde geçirilen çäreler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli medeniýetiň kämilleşdirilmegine we onuň dünýäde giňden wagyz edilmegine, halkara döredijilik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, teatr sungatynyň wekilleriniň tejribe alyşmagyna möhüm ähmiýet berýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Üç günüň dowamynda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary döredijilik täzeliklerinden, ýatdan çykmajak duşuşyklardan doly dostluk baýramyna öwrülen festiwaldan ruhy lezzet aldylar. Artistleriň ähli çykyşlary Aşgabadyň iň naýbaşy sahna meýdançalarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň, Gazagystan Respublikasynyň Mangistau welaýatynyň Nurmuhan Žanturin adyndaky sazly drama teatrynyň, Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-köl welaýatynyň Kasymaly Žantoşew adyndaky sazly drama teatrynyň, Türkiýe Respublikasynyň Siwas döwlet teatrynyň döredijilik toparlary festiwala öz iň gowy sahna eserlerini getiripdirler. Şeýle eserleriň içinde täze sahna oýunlary we tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolan spektakllar bar. Şeýlelikde, türkmenistanlylar TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň teatr sungaty, iň gowy aktýorçylyk, režissýorçylyk, sahna eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
«Türkmenistan» gazeti