MIRAS BOLUP GEÇSIN NESILDEN-NESLE, ADAMKÄRÇILIGIMIZ ÝAGŞY GYLYGYMYZ


MIRAS BOLUP GEÇSIN NESILDEN-NESLE, ADAMKÄRÇILIGIMIZ ÝAGŞY GYLYGYMYZ

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli «Sazyň taryhy» kafedrasynyň öwreniji mugallymy Gülsoltan Döwletowanyň gurnamagynda «Miras bolup geçsin nesilden-nesle, adamkärçiligimiz ýagşy gylygymyz» atly döredijilik duşuşyk-konserti geçirildi. Döredijilik duşuşygyna diňe bir konserwatoriýanyň talyplary, mugallymlary gatnaşman ussat ýazyjymyzyň maşgalasyndan gyzlary Bahar, Alma Gurbannepesowa dagylar hem gatnaşdylar.

Konserti Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew alyp bardy we ol Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow barada gyzykly gürrüňleri bilen konserde başlady. Döredijilik duşuşygy Gökdepe etrabynyň 28-nji orta mekdebinde zähmet çekýän şahyrymyzyň ogly Nazar Gurbannepesowyñ gyzykly gürrüňleri bilen dowam etdi. Ol öz kakasynyň durmuş we döredijilik ýoly barada, şeýle hem kakasynyň ajaýyp goşgularyndan ençemesini ýerine ýetirip, ýakymly ýatlamalaryny gürrüň berdi. Soňra «Bagşy» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Magtymguly Rozymamedowyň ýerine ýetirmeginde meşhur ýazyjymyz Kerim Gurbannepesowyň sözlerine, ussat bagşy Sahy Jepbarowyň sazyna «Altyň biri» aýdymyny ýerine ýetirildi.

Konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş» kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Gözel Aýnazarowa söz gezegi berildi. Ol hem öz gezeginde meşhur ýazyjymyz Kerim Gurbannepesowyň ajaýyp döredijilik ýoly barada gürrüňleri berdi we doglan gününiň 95 ýyllygyny gutlady. «Bagşy» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Bagtyýar Baýramowyň «Gök çaý» aýdymyny ýetirmegi tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady.

Konserdiň dowamynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň çowlugy Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Kitaphana» fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kerim Gurbannepesowa söz gezegi berildi. Meşhur ýazyjymyzyň çowlugy hem konserdiň dowamynda öz garry atasy barada birnäçe ýatlamalary ýatlap geçdi. Mundan başga-da ol öz garry atasyna döreden goşgusyny hem okap berdi. Döredijilik-duşuşygy aýdym-sazlara beslendi. «Bagşy» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Toýly Orazowyň ýerine ýetirmeginde «Ýigit gördüm» aýdymy bilen konserdimiz dowam etdi.

Dabaranyň dowamynda «Ussat ýazyjymyz Kerim Gurbannepesowyň goşgularynyň ýaş nesillerimize berýän terbiýeçilik ähmiýeti» diýen tema bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri Maral Nuryýewa söz berildi. Konsert «Bagşy» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Orazmuhammet Sazakowyň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzyň gözel künjeklerini wasp edýän «Ýaýlaklary bar» atly aýdym bilen tamamlandy.

Aýdym-saza we Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň döredijiligine bagyşlanan gyzykly gürrüňler bilen beslenen döredijilik duşuşygy tomaşaçylara ruhy täsir etdi. Şeýle döredijilik duşuşyklarynyň, şowhunly konsertleriň geçirilip durmagy biz ýaşlar üçin öz zehinimizi açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri berýär. Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!



Arzuw AŞIROWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby