TÜRKI DÖWLETLERIŇ SURATKEŞLERINIŇ DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI


TÜRKI DÖWLETLERIŇ SURATKEŞLERINIŇ DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Watanymyz dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, olary üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen we türki dilli halkalaryň döredijilik işgärleriniň hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge itergi berdi. Ýaňy-ýakynda hem Türkmenistanda Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwaly açyldy. Bu festiwalyň çäginde suratkeşleriň festiwaly, ýazyjy-şahyrlaryň duşuşygy geçirildi. Şeýle hem, medeniýet ussatlarynyň, teatr toparlarynyň sahna oýunlary görkezildi.

Festiwalyň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginde Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) II teatr festiwalynyň çäklerinde türki döwletleriň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygynda türki döwletleriň suratkeşleri Änewdäki Seýitjemaleddin metjidine syýahat edip, ol ýerde täze eserler döredipdirler. Mundan başga-da, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli akyldar şahyra bagyşlap, hem suratlar çekipdirler. Döredijilik duşuşygynda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýeniň we Türkmenistanyň ussat suratkeşleri öz döreden eserleri bilen tomaşaçyda örän uly täsir galdyrdylar.

Azerbaýjan Respublikasynyň suratkeşi Jelal Agaýew: «Änew şäheri, Seýitjemaleddin metjidi örän owadan ýerler ekeni. Ol ýerlere aýlanyp görenligim üçin men örän şat» diýip gürrüňdeşlikde öz ýürek buýsanjyny beýan etdi. Suratkeş Jelal Agaýew Seýitjemaleddin metjidine bagyşlap döreden «Seýitjemaleddin» aly işiniň taslamasy, ulanan reňkleriniň sazlaşykly utgaşmasy aýratyn belläp geçmäge mynasypdyr. Jelal Agaýew Türkmenistana gelip, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çary Ýazmyradow we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Zakirjan Babaýew bilen tanyşandygyny buýsanç bilen gürrüň berdi. Suratkeşiň «Magtymgulynyň içki dünýäsi» atly işinde Magtymgulynyň durmuşy bilen bagly ähli hadysalary bir eserde görkezmegi başarypdyr. Onuň hem şahyrdygyny, hem zergärdigini we halky agzybirlige, parahatçylyga çagyrandygyny, umuman, eseri synlanyňda dana şahyr bilen baglanyşykly ähli zatlary görmek bolýar.

Azerbaýjan Respublikasynyň ýene-de bir ussat suratkeşi Subhan Memmedow hem Seýitjemaleddin metjidine bagyşlap «Seýitjemaleddin metjidi», Pyraga bagyşlap bolsa, «Magtymgulynyň ukusy» atly eserlerini döredipdir. Suratkeşiň «Magtymgulynyň ukusy» atly işinde şahyryň düýäniň üstünde uklap barýan pursaty görkezilipdir. Düýäniň gapdalynda uçup barýan ak we gara guşlar bolsa, Magtymgulyny gorap barýan dek, düýe bilen deňine uçup barýarlar. Magtymgulynyň bolsa düýäniň üstünde rahat dem alyp, uklap ýatandygyny görmek bolýar. Suratkeş Subhan Memmedow maňa Magtymguly barada birnäçe gyzykly maglumatlar aýtdy.

Türkmen halkynyň gadymy we müdimi mirasynyň, umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklarynyň dünýä ýaýylmagy we dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan döwletli işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etýärin!



Serwi ESENOWA



«Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby