ÝAŞ NAKGAŞYŇ DÖREDIJILIGINDE MILLI BUÝSANJYMYZYŇ WASPY


ÝAŞ NAKGAŞYŇ DÖREDIJILIGINDE MILLI BUÝSANJYMYZYŇ WASPY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza sarpa goýulýan zamanada türkmen halkynyň ady älem-jahanda beýgeldip, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Şeýle gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri bolan alabaý itlerimiziň tohum arassalygyny saklamakda we olaryň sanyny artdyrmakda alnyp barylýan işler her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan kitaplary türkmen halkymyzyň hemişelik ýan kitabyna öwrüldi. Milli Liderimiziň «Türkmen Alabaýy» atly kitaby hem diňe bir türkmen halkymyzyň söýüp okaýan eserleriniň biri bolman, eýsem dünýä halklaryny hem haýrana goýan eserleriň biridir. Halkymyzyň asyrlar boýy ýoldaşy bolup gelen alabaýlarymyza belet ýaşulular, «Alabaý-eýesine örän wepaly haýwan» diýip, ynam bilen aýdýarlar. Öýüň sak goragçysy, mal yzynda gezýän adamlaryň kömekçisi hem sürini goraýjysy, ýolda wepaly ýoldaşy bolýan alabaý itlerimiz sözleriň iň ýagşysy bilen taryplanylmaga mynasypdyr.

Kitapda Gahryman Arkadagymyzyň «Alabaý-biziň milli buýsanjymyz. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek neslimize ýetirmek biziň borjumyzdyr» diýip, bize wesýet edip ýazan sözlerini okanyňda seriňe alabaý itlerimizi saklamakda, idetmekde, köpeltmekde, geljekki nesle ýetirmekde biziň öňümizde duran jogapkärçilige aýdyň göz ýetirýäris. Türkmen alabaýy hakynda halk döredijiligimizde nakyllaryň, rowaýatlaryň, sanawaçlaryň birnäçe toplumy bar. Ata-babalarymyz uzak ýyllaryň dowamyndaky synçylygynyň netijesinde itler bilen baglanyşykly birnäçe nakyllary döredipdirler. «It üýrse, myhman geler», «It gara görmän üýrmez», «Bir başy it-de eklär», «It geldi, gut geldi», «Ýurt ýeriň ýitmesin diýseň, it edin» diýen aýtgylar muňa mysaldyr. Eli çeper ene-mamalarymyz bolsa, wepaly itiň keşbini özleriniň döreden sungat eserlerine siňdirmegi başarypdyrlar, ak öýleriň gapysynyň daşyndan asylýan eňsilere, sallançak we düşeklik keçelere «tazyguýruk», «it yzy» nagyşlary salypdyrlar. Alabaý köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen jandardyr.

Aýdylanlardan başga-da türkmen taryhyna degişli dürli ýadygärliklerden itiň şekilleriniň tapylmagy eýýäm şol döwürlerde sungatda itiň ornuny kesgitlemegimize ýardam berýär. Elbetde şeýle ýörelgäni dowam etdirmek, sungatda alabaýyň şeklini beýan etmek häzirki wagtda derwaýys meseleleriň biridir. Bu ilkinji nobatda türkmen şekillendiriş sungatynyň göwrüminiň giňemegine, galybersede ýaşlary watançylyk ruhda terbiýelemekde netijeli iş bolup durýar.

Eýýäm birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenilýär. Şol baýramçylygyň çäklerinde dürli döredijilik bäsleşikler hem yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we zehinli talyplary «Türkmen alabaýy» atly döredijilik sergisine nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungaty ugrlary boýunça işjeň gatnaşdylar. «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Sytdykow Baky «Türkmen Alabaýy» atly nakgaş eseri bilen sergä gatnaşdy. 170x220 ölçegden ybarat bolan bu eseri ýerine ýetirmek üçin ilki bilen taslama düzende Garagum sährasynda batyr alabaýyň gaýduwsyz, edermen şeklini birinji meýilnamada ýerine ýetirip, yzky meýilnamada geçip barýan kerweniň hataryny görkezýär. Taslamada kerwen hatarynyň görkezilmegi taryhyň jümmüşinden gaýdýan gymmatlygymyzdan we arassa gan tohum itimizden habar berýär. ýaş nakgaş mugallymyň ussatlarda döreden taslamasynda milli gymmatlygymyzyň janly ýaly keşbi ilkinji nobatda türkmen nakgaşçylyk sungatynyň baýlaşýandygyna, şeýle-de ýaş nesil suratkeşleriň ýokary derejeli suratkeş bolup ýetişýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen sungatynyň mundan beýläkde kämilleşmeginde döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýeňişleriň nyşany bolan türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!



Bäşimgylyjowa AÝGÜL



Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik Akademiýasynyň 3-nji ýyl talyby