Sanly ulgamyň ähmiýeti
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan kitaphana ulgamynyň işine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda işiň kämilleşmegine we döwrebaplaşmagyna giň mümkinçilikler döredilip, kitaphanalarda elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak, elektron kitaphana ulgamyny döretmek we elektron kataloglary guramak işine aýratyn seredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanda sanly ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny, şeýle hem bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda kabul eden Karary kitaphana gaznalaryny elektronlaşdyrmak işinde täze bir möhüm sahypany açdy. «Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmegiň konsepsiýasynyň» esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlara innowasion ösüşe anyk maglumatlaryň elýeterli bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Sanly ulgama geçilýän döwürde elektron kitaplara we kitaphanalara hem uly üns berilýär. Sanly ulgama geçmegiň, sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmagyň esasy şertleriniň biri hem elektron kitaphanalary döretmek, şeýle-de, olaryň peýdalanylyşyny giňeltmekdir. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda işleriň kompýuterleşdirilmegi, elektron kitaphanalaryň döredilmegi, olaryň internet arkaly halkara kitaphana ulgamyna birikdirilmegi, elektron kataloglaryň bolmagy okyja maglumat almak mümkinçiligini ep-esli ýeňilleşdirýär we giňeldýär. Elektron kitaphana düşünjesi adamlaryň maglumaty çalt we ýeňil görnüşde almak, peýdalanmak islegi netijesinde döreýär. Şu günki günde ýurdumyzyň welaýat, etrap hem-de şäher merkezi kitaphanalarynda bitewi elektron kitaphana ulgamy boýunça kitaphana işi alnyp barylýar. Biz — kitaphanaçylar özümizde bolmadyk edebiýatlary beýleki kitaphanalaryň ulgamyna girip, kitaphanalara abonement hyzmaty bilen okyjylarymyza hyzmat edýäris. Elektron ulgamyň üsti bilen biz paýtagtymyzdaky, welaýatlardaky, şäher we etraplardaky kitaphanalar bilen ýakyndan aragatnaşykda bolýarys. Olara öz ýazan gollanmalarymyzy, resminamalarymyzy ulgamyň üsti bilen ugradyp durýarys hem-de olardan gelen maglumatlary özümize kabul edýäris. Biz — kitaphana işgärleri üçin işlemäge, giň okyjylar köpçüligine döwrebap hyzmat etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys.
Azatgül AKMUHAMMEDOWA