BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ ŞANLY MENZILLERI


BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ ŞANLY MENZILLERI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly täze kitap esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly täze kitabyň gelip gowuşmagy türkmen halkyny, aýratynam kitaphanaçylary begendirendigi, bu ajaýyp kitapda döwlet baştutanymyzyň jemlenen işleri ýurdumyzyň ylmyny, taryhyny, syýasaty we jemgyýeti öwrenişi has-da ösdürmekde gymmatlyga eýedigi hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de bu kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilip, ähli türkmen halky üçin gymmatly bilim çeşmesi bolup durýandygy barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň ösüşlerini üstünliklerden-üstünliklere besleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.