TARYHDA ÖÇMEJEK YZ GOÝAN ALYMLAR
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Mihaýlowiç Massonyň we Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygyna bagyşlanyp kitaphana syny geçirildi hem-de sergi guraldy.
Gözel diýarymyzyň taryhyna ser salanymyzda dünýä alymlarynyň, taryhçylarynyň üns merkezinde durýan birnäçe gadymy ýadygärliklerimiz bardyr. Ömrüni şu topragyň taryhyny öwrenmeklige bagyşlan alymlaryň hatarynda Mihail Ýewgenýewiç Massonyň, onuň ogly Wadim Mihaýlowiç Massonyň, Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň atlary halkymyza ýakyndan tanyşdyr. Olaryň arheologiki gazuw agtaryş işleri şeýle-de ýurdumyzyň gadymy ýadygärleri bolan gadymy Merwiň, Änewiň, Nusaýyň, Altyn depäniň syrlaryny dünýä ýaýmakdaky hyzmatlaryny açyp beýan etmek ýaş taryhçylaryň üns merkezinde durýar.
Synyň ahyrynda baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýä derejesinde wagyz-nesihat edilmegi babatynda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.