«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi»


«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi»



Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy hem-de Aşgabat şäher Merkezleşdirilen kitaphana ulgamy bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ady bilen täze eseriniň elimize gelip gowuşmagy mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Dabaranyň dowamynda bu eserde milli Liderimiziň halkymyzyň gadymyýetden gelýän däp-dessurlary, milli ýörelgeleri bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirleriniň giňişleýin beýan edilýändigi barada aýratyn nygtaldy. Eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň esasy orun eýeleýändigi barada hem-de kitabyň bölümleri, many-mazmuny, içinde ýerleşdirilen tymsallar, rowaýatlar barada täsirli gürrüňler edildi.
Dabaranyň ahyrynda kitaba çuňňur sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagy hem-de galamynyň ýiti bolup, ajaýyp kitaplarynyň köp bolmagy arzuw edildi.