TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SYÝAHATÇYLYK WE AMALY-HAŞAM SUNGATY SERGISI WE OŇA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI


TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SYÝAHATÇYLYK WE AMALY-HAŞAM SUNGATY SERGISI WE OŇA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2024-nji ýylyň 22-24-nji oktýabry aralygynda «Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk özüne çekijiligi» atly bilelikdäki amaly-haşam sergisiniň hem-de onuň çäklerinde «Syýahatçylygy ösdürmegiň ýollaryny öwrenmek» atly bilelikdäki maslahaty geçirildi.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlyklar barha kämilleşýär. Dost-doganlygyň we goňşuçylygyň saýasynda barha ösýän türkmen we eýran halklarynyň gatnaşyklarynda medeni hyzmatdaşlyklar aýratyn orny eýeleýär. Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri eýranly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda birnäçe şertnamalary baglaşdylar. Syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak we pugtalandyrmak, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmek hem-de ilerletmek Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň syýahatçylyk özüne çekijiligi atly bilelikdäki syýahatçylyk we amaly-haşam sergisiniň baş maksady bolup durýar.

«Syýahatçylygy ösdürmegiň ýollaryny öwrenmek» atly bilelikdäki maslahatyna ýurdumyzyň we Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk we myhmanhana ulgamynyň wekilleri hem-de bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda birnäçe çykyşlar diňlenildi.