HALKARA ÇÄRELERIŇ ÄHMIÝETI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilýän halkara çäreleriň ähmiýeti hakynda tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda geçirilýän her bir çäreleriň ýokary derejede geçirilýändigi, TÜRKSOÝ türki halkalaryň medeniýetini, dilini, taryhyny, sungatyny, däplerini we dessurlaryny öwrenmek, ösdürmek we geljekki nesiller üçin gorap saklamak ugrunda hereket edýän abraýly gurama bolup durýandygy, hyzmatdaşlyklaryň üstünliklere beslenmegi birek-birege bolan ynama, hormata baglylygy hakynda durup geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler hormat-sarpadan berkeýän gatnaşyklarynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňden görüjilikli syýasatlary netijesinde geljekde-de umumadamzat bähbitli alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.