TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, şu günki geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisine ýüzlenmäge mümkinçilik berendigi üçin Arkadagly Serdarymyza minnetdarlygyny bildirdi.
Milli Liderimiz hormatly Prezidentimize hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, düýn-24-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 79 ýyl bolandygyny, döwlet Baştutanymyzyň bu abraýly halkara guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşmagynyň, ony guramanyň güni bilen gutlamagynyň ählimiz üçin uly mertebe bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri dünýäde hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanyň«Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen BRICS sammitinde eden çykyşynyň hem munuň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady.
«Türkmenistan» gazeti