ÝAŞLARYŇ MASLAHATY
2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň: «Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin»–diýen tabşyrygyndan ugur alyp, şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň mejlisler zalynda medeniýet ulgamynda zähmet çekýän ýaşlarymyzyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründen ruhlanýan ýaşlarymyz halk hojalygynyň ähli ugurlarynda hyjuwly zähmet çekip, giň gerimli maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna işeňňir gatnaşyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň belent ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bagtyýar ýaşlarymyzy milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek hem-de müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda, düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar. Döwrümiziň beýik ösüşleriniň waspyny, döredýän kyssadyr şygyrlarynda, makalalarynda, sahna we aýdym-saz eserlerinde belentden dabaralandyrýan ýaşlarymyza tüýs ýürekden guwanýarys.

Ýurdumyza, halkymyza, milli ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza wepaly, bilim almaga, hünär öwrenmäge, halal zähmet çekmäge hyjuwly, ruhubelent ýaşlar ata Watanymyzyň buýsanjy hem guwanjydyr. Eziz Watanymyza durky bilen ygrarly, ynsanperwerligi, dost-doganlygy ýörelge edinýän bagtyýar ýaşlarymyzyň geljekde ata Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhratyny, at-abraýyny has-da beýgeltmekde, agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrmakda ukyp-başarnyklaryny, gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna berk ynanýarys-diýip buýsanç bilen bellediler.
Şeýle hem çykyş edenler, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
