ARKADAGYŇ ESERLERI–ÝAŞLARYŇ GÖRELDE MEKDEBI


ARKADAGYŇ ESERLERI–ÝAŞLARYŇ GÖRELDE MEKDEBI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalat kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Ýaşlyk» teleýaýlymy hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy, paýtagtymyzdaky 3-nji kitap dükany bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň 140-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen «Arkadagyň eserleri–ýaşlaryň görelde mekdebi» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtalyp geçildi. Ol eserleriň aňýeti ösdürmekdäki we şahsyýeti terbiýelemekdäki aýratyn orny barada täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy.

Halkymyza peşgeş berlen ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülen Gahryman Arkadagymyzyň eserleri halkymyza görelde bolup durýar. Şeýle ajaýyp döwürde okamaga, bilim almaga döredýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.