TÜRKMEN ALABAÝLARYŇ KEŞBI ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ata Watanymyz bilim–ylym ulgamlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky syýasaty barha rowaç alýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabynda «Durmuşyň tejribesi ynsana wagty külterläp, haýsy hüý-häsiýetleriňe wepaly bolmalydygyň sapagyny öwredýär. Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarynda bolsa, bagtyny göripdirler» diýip belleýär.
Alabaý iti–türkmenleriň buýsanjy, baý taryhly türkmen halkynyň müňýyllyklara uzap gidýän wepaly ýoldaşy. Akylly we wepaly haýwan bolmak bilen, alabaýlar türkmen halkynyň taryhy ýolunda ähli ugurda wepadar dost hem ýoldaş bolupdyr. Bu günde türkmen alabaýlaryna berilýän üns has-da güýçlenýär.
Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýlarynyň baýramy mynasybetli ählihalk baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlanýar. Milli taryhy-medeni mirasymyzy dünýä tanatmak, ony gorap saklamak hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenler doga zehinli seçgiçiler bolmak bilen, ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, aw tazysy ýaly gaýtalanmajak tohumlary döretdiler hem-de olarda iň gowy häsiýetleri kemala getirip, biziň günlerimize çenli üýtgewsiz görnüşde saklap galmagy, ösdürip ýetişdirmegiň tärlerini hem ýitirmän saklamagy başardylar. Türkmen alabaý itleriniň döwlet tarapyndan goralýandygy we bu ugruň ösdürilmegine uly üns goýulýan hormat buýsandyryjy ýagdaýlaryň biridir.
Türkmen alabaýlaryň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, foto suratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň jeminiň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy.

Döwlet derejesinde geçirilen bu bäsleşikde biziň ýokary okuw mekdebimiziň görnükli mugallymlary we zehinli talyp ýaşlary baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Olara surat eserleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Bakygeldi Sytdyhow özüniň «Türkmen alabaýy» atly nakgaş eseri bilen, heýkel eseri boýunça «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Güljan Şöhratgeldiýewa «Goragçy» atly heýkel eseri bilen şeýle-de, neşir önümleri boýunça «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy Ata Mohammed Ahmed «Senenama 2024» atly senenama işi bilen şa serpaýlaryna mynasyp boldylar. Her bir döredilen eser türkmen alabaý itleriniň edermenligini, wepalylygyny şeýle-de bize gadymdan şu günlerimize çenli ynsana ýakyn kömekçi we dostdygyny, olara goýulýan sarpanyň belentdigini halkymyza ýetirmek maksat bilen öz döredijilik eserlerinde ussatlyk bilen şekillendirdiler.
Bu döredijilik bäsleşigi türkmen alabaý itleriniň wepadarlygyny, edermenligini, batyrlygyny dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek we mahabatlandyrmak, ýaş nesilleri halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklary çuňňur hormatlamak ruhunda terbiýelemek, halkymyzyň taryhy, medeni hem-de ruhy gymmatlyklaryny çeper beýan etmek, şeýle hem ata Watanymyzda amaly-haşam, şekillendiriş sungatyny ösdürmek, neşir önümleriniň we telegepleşikleriň täsirliligini artdyrmakdan ybarat bolup durýar.
