Syýahatçylykda sungat gözelligi
Türkmenistan Watanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmegi bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkemegi netijesinde medeniýetimiziň, sungatymyzyň, köp ýyllaryň dowamynda ýokary göterilmegine öz täsirini ýetiripdir. Bu barada Hormatly Arkadag Prezidentimiz «Parahatçylygyň we dürli halklaryň medeniýetiniň goşulmagynyň ýoly bolan Beýik Ýüpek ýoly bir ýarym müň ýylyň dowamynda Türkmenistanyň üstünden geçdi» diýip kesgitli belleýär. Şeýle köp asyrlyk döwrüň içinde biziň ýurdumyz birnäçe syýahatçy jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekipdir. Biziň watanymyza has irki wagtlarda-da syýahatçy jahankeşdeleriň gelendigi hakdaky maglumatlara taryhyň sahypalarynda duşmak mümkin. Olar öz ýan depderlerinde we gündeliklerinde türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy, däp-dessurlary, datly tagamlary, medeni ýadygärlikleri, gözel halylary, bedew atlary, alabaý itleri baradaky galdyran golýazmalary ygtybarly çeşmeler hökmünde muňa şaýatlyk edýär.
Türkmenistan Watanymyz özüniň baý medeniýeti we sungaty bilen dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Özüniň gözel tebigaty, gadymy ýadygärlikleri, ajaýyp halylary, syrdam bedenli ahalteke bedewleri, köp harytly bazarlary, ak mermerli şäherimiziň owadan binalary we suw çüwdürimleri ýurdumyza syýahata gelen her bir jahankeşde-de uly täsirleri galdyrýar.
Syýahatçylykda sungatyň tutýan orny örän ýokarydyr. Sebäbi türkmen sungatynyň ajaýyp görnüşleri muzeýlerde jemlenendir. Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynda sagaldyş, medeni tanyşlyk dynç alşy ugry bilen sungat syýahatçylygy hem üstünlikli utgaşdyrylýar. Bu ugurda açyk asmanyň astyndaky muzeýlere, taryhy-medeni ýadygärliklere syýahat etmek bilen birlikde galereýalara, sergi jaýlaryna, muzeýlere syýahat etmeklik işleri giňden amala aşyrylýar.